Bol hasyl yhlasa bagly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bol hasyl yhlasa bagly

Ykdysadyýet
17.03.2025  306

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary soňky ýyllarda beýleki oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda, ýeralmanyň ýetişdirilýän möçberini artdyrmak ugrunda hem derwaýys işleri durmuşa geçirýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bu önüme bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyny gazanmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşantdyr. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bu gymmatly önümiň bol hasylyny ýetişdirmek ugrundaky aladalar welaýatyň dürli ýerlerinde turuwbaşdan giň gerim aldy. Şeýlelikde, oňat sürlüp, tekizlenilen, suwdan gandyrylan meýdanlarda ýeralmanyň ekişine badalga berildi. Häzirki wagtda bolsa bu çäräniň depgini günsaýyn ýokarlanýar.

Bu babatda Akdepe etrabynyň ekerançylarynyň hem öndürijilikli iş alyp barýandyklaryny bellemeli. Çünki olar şu möwsümde 3440 gektar meýdanda ýeralmanyň ekişini geçirmegi maksat edinmek bilen, bu babatda derwaýys çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine ähli gujur-gaýratlaryny sarp edýärler. Şonuň netijesinde etrabyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda ýeralma ekişi talabalaýyk alnyp barylýar.

Etrabyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zehin açary» daýhan hojalygy ýeralma ýetişdirmeklige ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde şu ýyl 626 gektar meýdanda bu önümiň bol hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Häzirki günlerde hojalygyň agzalary ýeralma ekişini guramaçylykly dowam etdirýärler.

Hojalykda ýeralma ýetişdirmegiň ýol-ýodalaryny birkemsiz ele alan tejribeli daýhanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olaryň hatarynda Durdymyrat Kerimow, Döwran Öwezgeldiýew, Tirkeş Orazow we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň daýhanlar her ýyl bereketli hasyly ýetişdirmekde, ýygnap almakda köplere görelde bolýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Türkmen halysynyň milli baýramyna
24.05.2025   283
Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   290
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   467
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   331
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   199
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   296
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
14.03.2025   319
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   361
image