Bol hasyl ugrunda
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Bol hasyl ugrunda

Ykdysadyýet
31.03.2025  308

Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri häzirki döwrüň her bir gününi netijeli peýdalanyp, geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilip, kadaly gögeriş alnan 520 gektar meýdanda bugdaýyň ideginiň möwsümleýin çärelerini berjaý etmekde gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olar ýerli dökünleri taýýarlamak, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň kömegi bilen atyzlara sepmek, şonuň ýaly-da ösüş suwuny bermek ýaly işleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Daýhan birleşiginiň 1,2,3-nji kärendeçiler toparlarynda işleriň has-da öndürijilikli barýandygyny bellemek bolar. Kärendeçi daýhanlara ýardam bermekde mehanizatorlar Narbaý Hojanepesow, Agajan Amangeldiýew, Nurnepes Çaryýew dagy oňat görelde görkezýärler. Daýhan birleşiginde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli işler şu ýyl Watan harmanyna 972 tonna ýokary hilli bugdaý tabşyrmak barada kabul edilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňyn şertleriň döredilýändigine güwä geçýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýokary hilli gowaça tohumy
22.01.2026   149
Ykdysadyýet Şypaly hem lezzetli
21.10.2025   188
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   337
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   408
Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   317
Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   274
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   341
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
14.03.2025   305
image