Bol harytly mekdep bazarlary
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Bol harytly mekdep bazarlary

Jemgyýet
14.08.2024  526

Ýene-de sanlyja günlerden güneşli Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar döwrebap ak mekdepleriň gujagyna dolarlar. Şol arzyly güne çagajyklar ýakymly tolgunma bilen garaşýarlar. Ene-atalar bolsa täze okuw ýylynyň bosagasynda çagalaryny mekdep lybaslary, okuw esbaplary we beýleki zerurlyklar bilen üpjün etmegiň aladasyny edýärler. Bu babatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen mekdep bazarlary raýatlarymyza öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Şu günler Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde öz işine başlan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary has-da köp adamly. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenilýän harytlaryň köpdürlüligi, ýokary hilliligi, bahasynyň elýeterliligi alyjylary özüne çekýär. Harytlardan doly söwda nokatlary müşderilere saýlamak mümkinçiligini döredýär. Söwda tekjelerini dolduryp duran dürli harytlar hyrydarlaryň göwnüni hem gözüni dokundyrýar. Ýurdumyzyň telekeçileri we önüm öndürijileri tarapyndan öndürilen, okuwçylardyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen mekdep harytlaryna hem-de okuw esbaplaryna müşderiler tarapyndan has hem uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzda öndürilen dokma önümleri we taýýar egin-eşikler ýokary hilliligi, göze gelüwliligi, amatly bahasy bilen alyjylaryň göwnünden turýar. Ýerli önüm öndürijiler tarapyndan öndürilen mekdep lybaslary ekologik taýdan arassa önüm bolmak bilen, çagalaryň saglygyna oňaýly täsir edýär.

Mekdep bazarlarynda söwda edýän bagtyýar talyp ýaşlara, ene-atalary bilen egin-eşik saýlaýan şadyýan çagalara häli-şindi duş gelmek bolýar. Şeýle pursatda täze egin-eşikdir okuw esbaplaryny edinen çagajyklaryň şatlygyna, bagtyýar ene-atalaryň öz perzentlerine guwanyşyna şaýat bolýarsyň. Söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň ähli görnüşini satyn almak üçin döredilen mümkinçilikleriň alyjylaryň islegini doly kanagatlandyrýandygyny  söhbetdeş bolan bagtyýar raýatlarymyz buýsanç bilen beýan edýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   184
Jemgyýet Çäreler täsirli geçdi
06.05.2026   82
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   369
Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   162
Jemgyýet Waspy dillerde dessan
18.11.2025   133
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   330
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   192
image