Boksçularyň bäsleşigi
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Boksçularyň bäsleşigi

Sport
08.04.2024  133

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan sportuň boks görnüşi boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 13 agram derejesi boýunça 100-e golaý ýaş türgen gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edýän tagallalaryna üstünlik gazanmak bilen jogap bermekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlap-seçip almakdan, boksy ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň türgenleri  hem oňat netije gazandylar. Öz agram derejeleri boýunça Samandar Haýtbaýew, Mekan Durdyýew, Kerim Rahmanberdiýew 1-nji orna, Nurmyrat Saparow, Daýanç Durdynepesow bolsa 2-nji orna mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryş
23.11.2024   70
Sport Spartakiadanyň welaýat tapgyry
20.12.2022   95
Sport Sport
10.02.2025   40
Sport Ilkinji günüň ilkinjileri
16.04.2024   121
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   88
image