​​​​​​​«Biz Oguzhan nesli»
weather dashoguz 9° C Daşoguz

​​​​​​​«Biz Oguzhan nesli»

Sport
09.05.2026  164

Ýakynda şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, sportuň estafeta, ýaglyga towusmak,tanapda çekmek görnüşleri boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, welaýat Baş bilim müdirligi, TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar.

Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçen ýaryşa welaýatyň ähli etraplaryndan toparlar gatnaşyp, ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen topar ähli görnüşlerde köp utuk toplap ýaryşyň ýeňijisi boldular. Ýeňijiler ýaryşy guraýjylaryň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryş
03.02.2025   301
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   387
Sport Woleýbolçy gyzlaryň üstünligi
26.03.2024   457
Sport Ildeşimiziň halkara üstünligi
19.03.2024   419
Sport Sport
19.05.2026   114
image