Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady

Jemgyýet
04.10.2025  211

Bütin dünýäde belent ykrara eýe Bitaraplyk taglymaty berkarar döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň binýady bolup, onuň syýasy ýörelgeleri dünýä diplomatiýasynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly baş ýörelgesinden ugur alnyp, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar. Berkarar döwletimiziň daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we dost-doganlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy döwletara hyzmatdaşlygynda jebisleşdiriji, halklaryň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyryjy güýje öwrülýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýäniň syýasy giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli täze taglymatyň dörändigini äleme äşgär etdi. Häzirki wagta çenli bu Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi hem Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini aýdyň görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnamanyň esasynda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn nygtamak zerur.

Geçen otuz ýylyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlara doly eýerýän ýurt hökmünde halkara giňişliginde uly abraýa mynasyp boldy. Berkarar döwletimiz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ençemesiniň bütin dünýäde uly goldawa we ykrara eýe bolmagy hem sözümize aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrebap wezipelere bagyşlandy
24.11.2025   153
Jemgyýet Ýaz nygmaty
01.04.2024   441
Jemgyýet Pähim-paýhasa hormat
01.10.2025   197
Jemgyýet Şanly ýylymyzyň waspçylary
17.12.2024   362
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
08.10.2024   424
Jemgyýet Dünýäniň nazaryndaky taglymat
17.11.2025   169
Jemgyýet Buýsançly günleriň joşguny
17.01.2026   163
image