Bitaraplyk — dünýäniň parahatçylyk taglymaty
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Bitaraplyk — dünýäniň parahatçylyk taglymaty

Jemgyýet
19.08.2025  328

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýen dürdäne setirinde dünýädäki parahatçylygyň, abadançylygyň nesilleriň röwşen geljeginiň, adamzadyň ählumumy bähbidiniň binýadydygy hakyndaky pelsepewi pikir-garaýyşlar beýan edilýär. Parahat durmuşyň, abadan ýaşaýşyň, asmandyr zeminiň asudalygynyň düýp mazmunynda ähli adamzadyň baş arzuwy jemlenýär.

Türkmen Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň, döwletara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasy bolup, täze taryhy döwürde halklary, döwletleri jebisleşdirýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan ägirt uly güýje öwrüldi. Şonuň üçin hem, bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy ösüşi berkarar etmäge gönükdirilen ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän pikir-garaýyşlar, ýörelgelerdir taglymatlar döwür bilen berk baglanyşyklydyr. Döwrüň öňe çykarýan meseleleri umumadamzadyň bähbidine gönükdirilýär. Adamzadyň mesgen-mekanyna, ynam-ygtykadyna, syýasy düşünjesine garamazdan, parahatçylyk söýüjilik babatdaky ynsanperwer garaýyşlar ähli döwürde-de öz gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Halkymyzyň agzybirlik, jebislik hakyndaky durmuş ýörelgesi häzirki globallaşýan döwürde Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen baş taglymatynda öz beýanyny tapyp, bütin dünýäniň halklaryny jebislige, ynanyşmak arkaly parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine çagyrýar. Bu hakykata Milli Liderimiziň ýokarda agzalan ajaýyp şygryndaky «Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi» diýen ajaýyp setirleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi täze taryhy döwürde parahatçylygy, adamzadyň abadan durmuşyny berkarar etmegiň hatyrasyna öňe sürülýän häzirki zaman dünýäsiniň beýik taglymaty, güneşli Diýarymyz bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde bütin dünýäde belent ykrara eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   223
Jemgyýet Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
25.07.2025   288
Jemgyýet «Çöl gämisiniň» aýratynlyklary
07.08.2026   121
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   190
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   413
Jemgyýet Baý mazmunly söhbetdeşlik
20.03.2025   485
Jemgyýet Bosagada — täze okuw ýyly
17.08.2026   72
image