Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda ýurdumyzyň ösüşi, özgerişi bedew badyna deňelýär. Munuň şeýledigini ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan netijeleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda aýdyň görýäris.
Köneürgenç etrabynyň çäginde Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanmaga berlen medeni-durmuş maksatly binalardyr ýaşaýyş jaý toplumlaryny göreniňde, ata Watanymyza bolan buýsanjyň has-da artýar. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda şu etrapda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öň ýanynda etrabyň bagtyýar ýaşaýjylary üçin toý sowgady boldy.
Umumy meýdany 98 gektardan gowrak bolan döwrebap şäherçe dürli desgalardyr binalaryň onlarçasyny öz içine alýar. Olaryň gurluşyk işleriniň türkmen telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýratyn bellemek gerek. 400 hojalyga niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy ýokary hil derejesinde bina edilen. Bu ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Olardaky ýagty, giň otaglar her bir raýatyň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.
Şäherçe geňeşiniň edara binasy, saglyk öýi, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edara binasy, 550 belgä niýetlenen aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, 500 orunlyk toý mekany, azyk we senagat harytlary dükany, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, 200 orunlyk medeniýet öýi, 160 orunlyk çagalar bagy, 420 orunlyk umumy bilim berýän mekdep ýaly binalar şäherçäniň gözelligine gözellik goşmak bilen, bu ýerde ýaşaýan ilata uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat eder.
Şeýle hem şäherçäniň çäginde önümçilik kärhanalaryň birnäçesiniň bardygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, çörek we çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhana, kömelek, limon ýetişdirýän ýyladyşhanalar ilaty iş bilen üpjün etmäge hem-de gündelik isleg bildirýän harytlary öndürip, azyk bolçulygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýär. Şäherçäniň çäginde ähli binalaryň daş-töwereklerinde gök zolaklaryň döredilmegi, döwrebap ýollar, gijelerine dürli yşyklaryň şöhle saçyp durmagy şäherçä aýratyn bir gözellik çaýýar.