Birinjilik ugrunda bäsleşdiler
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Birinjilik ugrunda bäsleşdiler

Sport
24.03.2025  283

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we sport işjeňligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň milli woleýbol federasiýasynyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýetginjek gyzlardan we oglanlardan düzülen toparlaryň arasyndaky gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe bolan oýunlar türgenleriň bu ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi. Ýaryşyň netijesine görä, gyzlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň topary birinji, Lebap we Balkan welaýatlarynyň toparlary ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky oýunlarda Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary, degişlilikde, baýrakly orunlary eýelediler.

Ýeňiş gazanan toparlaryň türgenleri Hormat hatlary, medallar we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

image