Biraýlyk üstünliklere beslendi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Biraýlyk üstünliklere beslendi

Jemgyýet
30.09.2025  120

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem şu ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda geçirilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy üstünliklere beslendi. Onuň dowamynda Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň şäher, etrap bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçeleriniň işgärleriniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde, beýleki köpçülik ýerlerinde guran okuw sapaklary, duşuşyklary, söhbetdeşlikleri işjeň ýagdaýda geçip, olara gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgün-kadalaryny has çuň öwrenmeklerine, ýola çykanlarynda seresaplylygynyň, hüşgärliginiň ýokarlanmagyna ýardam berdi.

Belli bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň saglygy, olaryň öý-ojaklarynyň abadan, asuda bolmagy babatdaky aladalara ýugrulan bu biraýlygyň şeýle netijeleriň gazanylmagynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti örän uludyr. Çünki biziň ýurdumyzda iň gymmatly baýlyk ynsandyr, onuň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr. Munuň üçin bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy, her bir ynsanyň öz islän ýerine sag-aman baryp-gelmegi hem zerur bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýyl geçirilip gelinýän biraýlygyň bu babatlarda berýän netijeleri aýratyn guwandyryjy bolýar.

Elbetde, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň tamamlanmagy bu ugurdaky aladalaryň sähelçe-de gowşadylýandygyny aňlatmaýar. Çünki olar il-ýurt bähbitli hemişelik dowam edýän işdir. Goý ýollarymyz mydama parahat, asuda bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tebigata söýgi — Watana buýsanç
23.07.2024   380
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   245
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   127
Jemgyýet Döwrebap merkezde sapaly dynç alyş
05.06.2025   231
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   256
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
19.09.2024   382
image