Binanyň gurluşygy ýokary depginde
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Binanyň gurluşygy ýokary depginde

Söwda we maliýe
21.02.2023  268

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dürli maksatly binalar, önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Bu döwrebap binalar halkymyza ygtybarly hyzmat edip, etrapdyr şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde hem soňky ýyllarda birnäçe önümçilik kärhanalary, orta mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem şäheriň merkezi köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köneürgenç etrap şahamçasynyň iki gatly edara binasynyň gurluşyk işleri ýokary depginde barýar. Bu binanyň gurluşygyny welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary alyp barýarlar.
Bu binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap binalar şäheriň gözelligine gözellik goşýar.

Meňzeş habarlar

Söwda we maliýe Dostluk ýollarynyň merkezi
20.08.2023   305
Söwda we maliýe Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
14.03.2023   309
Söwda we maliýe Döwrebap bank hyzmatlary
29.12.2022   353
Söwda we maliýe Dokma işi bilen bagly pähimler
21.03.2023   296
Söwda we maliýe Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda
31.05.2023   308
image