Bilimli nesil — kuwwatly Watan
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Jemgyýet
22.11.2025  194

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk ösdürmek, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar.

Bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işlerdir döwrebap özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysalynda has aýdyň şöhlelenýär.

Bilimiň elýeterliligini üpjün etmek, tehnologiýa we tehnika babatda häzirki döwrüň ösen tejribelerini ornaşdyrmak, interaktiw okuw usulyýetini kämilleşdirmek, bilim bermegiň usullarynyň köpdürlüligini ösdürmek, emeli aň arkaly ösüşi seljermek we baha bermek, innowasion bilim modellerini döretmek, bilim ulgamyny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalardyr konsepsiýalaryň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen barha döwrebaplaşýan milli bilim ulgamy ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, dürli ugurlar babatda gülläp ösmegine şert döredýär.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ýörelge has aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, sowatly, ylymly ýaş nesli ýetişdirmek arkaly ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýady goýulýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilim ulgamynda täze mümkinçilikler
18.08.2026   71
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   339
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   418
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.10.2025   198
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   382
Jemgyýet Baý mazmunly söhbetdeşlik
20.03.2025   490
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   413
Jemgyýet Asyra ulaşan ömür
21.10.2024   449
image