Şanly we taryhy wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarydyr okuwçylary 2024-2025-nji okuw ýylyny buýsandyryjy netijelere besläp jemleýärler. Daşoguz welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi ugrunda edilýän aladalar bilen birlikde, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýat boýunça 19 müň 800–den gowrak uçurymyň orta mekdebi tamamlamagyna garaşylýar. Maglumatlara görä, şu okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde welaýatyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary jemi 38 sany baýrakly 1,2,3-nji orunlara hem-de 11 okuwçy Bilim ministrliginiň Hormat hatlaryna mynasyp bolup, aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Robot tehnikasy we döredijilik taslama bäsleşiklerinde hem welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 5-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary tarapyndan geçirilen ders taslama bäsleşiklerine hem welaýatyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary buýsandyryjydyr. Munuň özi ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ynsanperwer bolup ýetişmegi ugrunda welaýatymyzyň mugallymlarydyr terbiýeçileriniň bu okuw ýylynda netijeli işleri alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär.
«Soňky jaň» dabarasy ýaş uçurymlaryň durmuşynda iň ýakymly, ýatda galyjy, tolgundyryjy pursatlaryň biridir. Onda ýaşlara iň bagtly durmuş arzuw edilýär. Röwşen ertirleriň badalgasyna öwrüljek «Soňky jaň» dabaralarynyň öň ýanynda ak geljege, ak ýola rowana bolýan uçurymlarymyza geljekde täze-täze üstünlikleri, rowaçlyklary arzuw edýäris.