Mugallym
Düşündim özümem mugallym bolup,
Seniň işiň kyn ekeni, mugallym!
Il içre mertebäň belende galyp,
Ýaşap ýörşüň syn ekeni, mugallym!
Sözüň — bilim,
Göreldedi — görenim,
Şondan dälmi gökde ganat gerenim?!
Meniň senden sapak alyp ýörenim —
Ýap-ýaňyja... düýn ekeni, mugallym!
Bilmän güljegimem, gülmejegimem,
Aýdyp dynaýmasam – ýeňlemejegem:
Bolan bolsak sözüň diňlemejegem,
Adam ýaşka mön ekeni, mugallym!
Köp zatlara göz ýetirýär adam soň,
Ajyny hem, süýjini hem dadan soň...
Başlanýan ekeni ylym «A» - dan soň,
Bilim ömre Gün ekeni, mugallym!
Bu jahana gury gelip, boş gitmek —
Wagtyň akymynda dereksiz ýitmek...
Seniň deý mekdebiň içinde mekdep
Bolup bilmek şan ekeni, mugallym!
Näçe bildigimçe, ýene okaryn,
Ömrümiň syk matasyny dokaryn...
Yhlasyň bolmasa seniň bu käriň,
Eýgererden kyn ekeni, mugallym!
Bu dünýäde kemligiň, kem-käsligiň,
Ýeňip bilmez durmuşyň geň bäsligin...
Seniň dözmän goýan käbir bäşligiň,
Şertli belgi — san ekeni mugallym!
Dünýä gelip, ýaşadygam, söýdügem,
Azaşdygam, örtendigem, köýdügem...
Iň wajyp zat — Watan, ene süýdi hem
Gazanylan nan ekeni, mugallym!
Aýyt Gurbanow.