Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlige beslendi. Mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna dabaraly badalga berildi. Geljegimiz bolan bagtyýar nesiller ak mekdepleriň goýnuna doldular. Ajaýyp döwrümiziň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjak talyp ýaşlar bolsa ylymlar dünýäsine sary gadam basdylar.
Welaýatymyzdaky umumybilim berýän orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, Türkmen oba hojalyk institutynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Ir säher bilen baýramçylyk ruhunda bezelen ak mekdepler arzuw-umytlar bilen bilimler dünýäsine ilkinji gadam basan 1-nji synp okuwçylaryny dabaraly garşylady. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly okaldy.
Dabaralarda çykyş edenler täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen okuwçylardyr mugallymlary mähirli gutlap, olaryň okuwlarynda, işlerinde egsilmez üstünlikler arzuw etdiler. Şeýle hem okuwçylara we talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda uly tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň okamagy, gurmagy, döretmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dabaralaryň dowamynda kakylan ilkinji jaň mekdep okuwçylary, talyplar üçin bilimler dünýäsine çakylyk bolup ýaňlandy. Orta mekdepleriň 1-nji synpyna okuwa baran körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ajaýyp sowgat bagtyýar körpeleri juda begendirdi.
Bilim ojaklarynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen başlandy. Bu okuw sapagynda ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler, bedew batly ösüşlerdir ýetilen belent sepgitler dogrusynda ýaş nesillere giňişleýin gürrüň berildi.