Bilimler dünýäsine tarap ak ýol
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Bilimler dünýäsine tarap ak ýol

Jemgyýet
19.07.2024  362

Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek möwsümine guramaçylykly badalga berildi.

Ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň resmi iş kagyzlaryny tabşyrýan ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Türkmen oba hojalyk instituty aýratyn orny eýeleýär. Institutda oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehniýa; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa; maglumat howpsuzlygy; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Okuw jaýynda okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek üçin ýörite topar hereket edýär. Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlarynyň kabul edilýän her ugry boýunça ýörite ýazgylar esasynda ýaşlara gerekli maglumatlar elýeterli edilipdir. Resmi iş kagyzlaryny tabşyrmaga gelýän dalaşgärler bu ýerde özlerini güler ýüz bilen garşylaýan, gyzyklanýan sowallaryna anyk jogap almaga mümkinçilik döredýän mugallymlardan örän hoşaldyklaryny aýdýarlar.

Şu ýylyň 15-nji iýulyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek möwsümi guramaçylykly badalga aldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Adamzadyň parahatçylyk ýörelgesi
01.03.2025   259
Jemgyýet Buýsançly günleriň joşguny
17.01.2026   54
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   331
Jemgyýet Belent hormatyň dabaralanmagy
04.03.2025   243
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   324
Jemgyýet «Bilimli nesil — kuwwatly Watan»
25.08.2025   122
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
19.05.2025   194
Jemgyýet Güller — göwünleriň bezegi
18.04.2024   428
image