Bilimden paýly nesiller
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Bilimden paýly nesiller

Jemgyýet
02.09.2024  519

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde özboluşly şatlyk-şowhuna, belent ruhy joşguna beslendi. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabara hem baýramçylyk mynasybetli guralan dürli medeni-köpçülik çäreleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Şowhunly dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabara syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli ýaş aýdymçylaryň we tans toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, mekdep ýyllary, dostluk we söýgi ýaly mukaddes duýgular belentden wasp edildi. Tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk sowgady gowşuryldy
05.03.2025   377
Jemgyýet Halk döredijiliginde bedewiň waspy
20.07.2026   73
Jemgyýet Ýollarymyz asuda bolsun
27.09.2025   175
Jemgyýet Hoşallyk maslahaty
04.07.2026   103
Jemgyýet Şatlyk-şowhuna beslenen dabara
01.06.2026   84
Jemgyýet Täsirli gezelenç
06.05.2024   844
image