Bilim ýoly — bagt ýoly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Bilim ýoly — bagt ýoly

Jemgyýet
30.08.2025  249

Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyplarynyň we zehinleriniň ýüze çykarylmagy, hünär öwrenmegi döwrebap bilime eýe bolmagy, dünýägaraýyşlaryny yzygiderli giňeltmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn bilim almaga, diňe bir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde hem dürli hünärlere eýe bolmaga mümkinçilikleri bar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky tapgyrlaýyn amala aşyrylýan özgertmeler dogrusynda aýdanymyzda, onuň ilkinji tapgyrynda, ýagny 2007 — 2013-nji ýyllarda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. 2013-nji ýylyň 1-nji martynda «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permana we «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekildi.

Bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu babatda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de onuň esasynda birnäçe düzgünnamalar işlenip düzüldi. Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, öz ukyplaryny, öz zehinini doly ulanyp bilmeginde her bir adamyň hukuklarynyň deňligi; bilimiň ynsanperwer häsiýeti; bilimiň milli mirasymyz bilen sazlaşykly arabaglanyşygy; tebigy gurşawa, maşgala, Watana söýgi duýgularyny terbiýelemek; döwlet tarapyndan berilýän bilim hyzmatlarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy; olar üçin umumy orta bilimiň hökmanylygy we döwlet bilim edaralarynda mugtlugy; bilimiň üznüksizligi we yzygiderliligi, döwlet bilim ulgamynyň dünýewi häsiýetliligi bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleridir.

Şu Kanundan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, bilim özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny guramak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde amala aşyrylan işler hem muňa doly şaýatlyk edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
29.04.2024   567
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   503
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   306
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   228
Jemgyýet Tebigatymyzy bilelikde goralyň!
06.07.2026   78
Jemgyýet Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
08.05.2026   114
image