Bilim ulgamynyň kämilligi — beýik geljegimiziň kepili
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Bilim ulgamynyň kämilligi — beýik geljegimiziň kepili

Jemgyýet
23.05.2026  37

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly uly rowaçlyklara beslenip, kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň:

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp zähmet çekýän bilim işgärleri 2025-2026-njy okuw ýylyny hem üstünlikli jemleýärler. Okuw ýylynyň dowamynda welaýatyň bilim işgärleri özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işine jogapkärli çemeleşýärler. Welaýatyň 533 sany orta mekdebinde hem-de 114 sany çagalar bakja-baglarynda bilim-terbiýeçilik işleri «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 24 müňe golaý bilim işgäriniň yhlasly zähmeti netijesinde mekdep okuwçylary şu okuw ýylynda uly üstünlikleri gazandylar. Her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary 67 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Şolardan 10 sanysy birinji, 18 sanysy ikinji, 39 sanysy bolsa üçünji orunlardyr.

Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy babatynda döredilýän şertleriň netijesinde halkara derejede geçirilen ders we taslama bäsleşiklerinde we onlaýn görnüşde geçirilen olimpiadalarda welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 21-si altyn, 26-sy kümüş, 19-sy bürünç medallara mynasyp boldular.

2025-2026-njy okuw ýylynda welaýat boýunça 24 müňe golaý uçurym ak mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan tertipde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan birnäçe medeni-köpçülik çärelerini geçirmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   56
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
30.07.2025   158
Jemgyýet Ak öýleriň bezegi
18.02.2025   304
Jemgyýet Aýlaryň serweri
23.02.2026   69
Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   91
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   39
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   165
image