Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler

Jemgyýet
05.03.2026  134

Bilim ulgamy islendik döwletiň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň esasy sütünleriniň biridir. Bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, döwletiň uzak möhletli ösüş maksatlarynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bilim edaralarynda okuw-terbiýe işlerini döwrebap derejede guramak maksady bilen, täze okuw maksatnamalary ornaşdyrylýar. Okuw dersleriniň mazmuny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täzelenilýär. Bu bolsa okuwçylaryň we talyplaryň diňe nazaryýetini kämilleşdirmek däl-de, eýsem, amaly başarnyklaryny hem ösdürmek üçin mümkinçilik berýär.

Ýaş nesliň bilim almaga bolan höwesi we mümkinçilikleri hem yzygiderli giňeldilýär. Mekdeplerde bilim bilen birlikde, ahlak we watançylyk terbiýesine, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiadalar, bäsleşikler, ylmy-döredijilik çäreleri ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga şert döredýär.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem bilim bermekde döwrebap usullar giňden ulanylýar. Okuw otaglarynda innowasion tehnologiýalar, sanly bilim serişdeleri we multimedia enjamlary mugallymlaryň we talyplaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sanly bilim ulgamy talyplaryň kompýuter we tehnologiýa bolan iş höwesini artdyrmaga we ösdürmäge hem-de halkara tejribeleri bilen tanyş bolmaga ýardam edýär.

Mekdepde okuw diňe nazary bilim bilen çäklenmän, talyplaryň amaly başarnyklaryny ösdürmäge, pikirlenme ukyplaryny artdyrmaga we olary pedagogik tejribe toplamaga höweslendirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň öz hünär ugry boýunça ýokary derejede taýýarlykly bolmagyny üpjün edýär.

Gysgaça aýdylanda, mugallymçylyk mekdebinde bilim bermegiň usullary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürilýär we geljekki mugallymlaryň hünär taýýarlygyny güýçlendirýär. Döwrebap tehnologiýalar, sanly bilim serişdeleri we innowasion pedagogika bu mekdebi Türkmenistanyň pedagogik bilim ojaklarynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   210
Jemgyýet Nesil terbiýesiniň ajaýyp hazynasy
22.08.2025   242
Jemgyýet Belent mertebedir, Watan goragy
28.01.2026   137
Jemgyýet Ussatlyk mekdebi
15.04.2024   495
Jemgyýet At alsaň, aslyny sora
21.05.2026   128
Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   396
Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
image