Häzirki zaman tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen, bilim ulgamynda düýpli özgerişler amala aşyrylýar. Sanly bilimiň ösdürilmegi okuw amalyýetini kämilleşdirmek, bilim almagyň amatlylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny okatmak çärelerine giňden ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Sanly bilim ulgamynyň esasy düzüm bölekleri şulardan ybarat, ýagny E-okuw meýdançasy, bu okuwçylar we talyplar üçin onlaýn sapaklar, elektron derslikler üçin barlag işleri jemlenen meýdançadyr. Elektron gündelik we žurnallar bolsa okuwçylaryň ýetişigine, gatnaşygyna we öýe tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek üçin niýetlenendir.
Interaktiw, akylly tagtalar multimedia we wirtual barlaghana maksatnamalaryna niýetlenen we maglumatlary ygtybarly saklamaga we olara islän ýeriňden birikmäge mümkinçilik berýär.
Ulgamyň esasy artykmaçlygy wagt we mekan çäklendirmeleri aradan aýryp islendik ýerde bilim almaga mümkinçilik berýär, her bir bilim alýan okuwça ýa talyba öz özleşdirişiniň tizligine görä okamaga şert döredýär. Şonuň ýaly-da, kagyz sarp edilişini azaldýar, maglumatlary çalt täzelemäge ýardam berýär, ýaşlarda sanly sowatlylygy, analitik pikirlenmäni ösdürýär.
Sanly bilim ulgamyna geçiş diňe bir kompýuterleri ulanmak däl, eýsem, okatmagyň usullaryny täzeçe guramakdyr. Mugallymlaryň sanly hünär ugurlaryna kämilleşmegi, orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi ulgamyň üstünlikli işlemeginiň esasy şertidir. Geljekde sanly bilim ulgamy wirtual tehnologiýalar bilen has-da baýlaşyp, bilimiň hemmetaraplaýyn has-da ösmegine getirer.