Bilim — röwşen geljegiň açary
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bilim — röwşen geljegiň açary

Jemgyýet
08.09.2025  231

Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, bilim biziň geljegimizdir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň umumy orta bilim almagynyň hökmanydygy kesgitlenendir.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde esasy hukuk namalarynyň biridir. Esasy Kanunymyzdan ugur alnyp işlenip düzülen bu kanunda pedagogik işgäriň hukuk ýagdaýy, bilim alýanlaryň we terbiýelenýänleriň hukuklary we borçlary kesgitlenilýär. Şeýle hem kanunda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan raýatlaryň çagalarynyň bilim almagy üçin doly jogapkärçilik çekýändigi bellenilýär.

Degişli kanunçylyk namasy çaganyň bilim almaga bolan hukugyny hem doly kesgitleýär. Şunda her bir çaganyň islän ýerinde bilim almagyna bolan hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanda umumy orta bilim almak muzdsuz amala aşyrylýar. Şunda çagalaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Umumybilim edaralary häzirki wagtda on iki ýyllyk Konsepsiýanyň çäklerinde hereket edýär. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Orta mekdeplerde internet ulgamynyň elýeterli bolmagy ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň bilim almagy üçin sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy häzirki zaman dünýäsinde möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli berkidilýär. Welaýat merkezlerinde, obalarda, şäherçelerde döwrebap orta mekdeplerdir çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär. Bu bolsa halkara ülňülerine laýyk gelýän milli bilim ulgamyny kemala getirmäge ýardam berýär. Kämil hukuk binýady bolan milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna esas bolýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Behişdi bedewleriň çeper waspy
03.03.2026   188
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   128
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
11.10.2024   436
Jemgyýet Kitap — terbiýe mekdebi
22.05.2025   383
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   473
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   465
image