Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary

Jemgyýet
06.01.2026  146

 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde bilim işgärleriniň üç günlük usuly-amaly okuwlary geçirildi. Guramaçylykly geçen usuly-amaly okuwlar ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky milli maksatnamalardyr konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuw sapaklarynyň netijeli, täzeçe usullarda guralýandygyny aýdyň görkezdi.

Okuwlarda çykyş eden tejribeli bilim işgärleri ýurdumyzda bilimli, edep-terbiýeli, kämil ýaş nesli kemala getirmek babatda täze taryhy döwürde öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa ornaşdyrmaga, döwrebap okuw usulyýetinden peýdalanmaga döredilýän giň mümkinçilikler hem-de özleriniň ýokary netijeli iş tejribeleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, sapaklarda okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan, sanly serişdelerinden giňden peýdalanylyşy, ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň beýleki möhüm meseleleri hakynda aýratyn nygtalyp geçildi.

Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri özara pikir alyşdylar, birek-birekden öňdebaryjy iş tejribelerini öwrendiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýarlygyň nusgalyk ýoly
05.12.2025   171
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
21.02.2025   290
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   370
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   170
Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   392
Jemgyýet Arzyly törleriň bezegi
09.07.2026   42
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   180
image