Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Bilim işgärleriniň awgust maslahaty

Jemgyýet
23.08.2024  298

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady iň oňat dünýä tejribesi we halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda berkidilýär. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda möhüm tapgyr — täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda her ýylyň awgust aýynda bilim işgärleriniň maslahatynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ady bilen adybir şygar astynda Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler jaýynda welaýat derejesinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, täze okuw ýylyna badalga berilmegi bilen ähli bilim işgärlerini gutlady. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bilim ulgamynda geçen okuw ýylynda mekdep okuwçylary, bilim işgärleri ýokary netijeleri gazandylar.

Soňra welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atabaý Mätnyýazow çykyş edip, welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda gazanylan ýokary netijeler, üstünlikler hakynda durup geçdi. Şeýle hem ol täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamak hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler hakynda nygtap geçdi.

Soňra welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, geçen okuw ýylynyň dowamynda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň birnäçesiniň dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda göreldeli zähmet çeken bilim işgärlerine jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   370
Jemgyýet Hünäre hormatyň beýany
19.02.2025   190
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   49
Jemgyýet Kanagat
30.12.2024   218
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   22
image