Bilim binýady berkidilýär
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Bilim binýady berkidilýär

Jemgyýet
27.07.2024  393

Ýurduň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine baglydyr. Çünki bilim ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň ösdürilmegine giň mümkinçilik berýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bilim babatynda kabul edilen kanunlar, düzgünnamalar we maksatnamalar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, ýokary hilli okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak, ýokary tizlikli internet torunyň ähli bilim edaralarynda hereket etmegini guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we ulanmaga berildi. Bu ugurdaky işler güýçli depginde dowam edýär. Häzirki döwürde durmuş göz-açyp ýumasy salymyň içinde ösüp-özgerip barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti aýdyň ösüşleri başdan geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini, jemgyýetçilik-durmuş ugurlaryny dolandyrmak üçin, dünýä tejribesiniň ýeten derejelerinden habarly, ökde hünärmenleri taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa mekdep biliminiň maksadynyň, gurluşynyň we mazmunynyň hem-de okatmagyň möhletiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurlygyny kesgitleýär.

Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde, Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuw sagatlary, halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, aň-bilim çäreleri geçirilýär. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (UNISEF, UNFPA, UNDP, UNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Türkmenistanly mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar dünýä derejesinde geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda medallara mynasyp bolup, özleriniň aň-bilim derejeleriniň ýokarydygyny yzygiderli subut edip gelýärler.

Çagalar, ýaşlar babatda alnyp barylýan işler halkymyzyň buýsanjyny, watansöýüjilik duýgularyny artdyrýar. Çagalaryň bagtyýar durmuşy, olaryň degişli derejede terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy jemgyýetiň we döwletimiziň ösüşiniň kepilidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dabaraly maslahat
10.11.2025   115
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   110
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   104
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   81
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   298
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   167
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   372
Jemgyýet Oraza tutmagyň saglyga peýdasy
13.03.2024   543
image