Beýik işlere buýsanç
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Beýik işlere buýsanç

Jemgyýet
05.07.2025  250

«Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly şygar bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat hem şäher komitetleriniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlige şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň uly topary gatnaşdy.

Onuň dowamynda çykyş edenler milli hem dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän şu ýylymyzda gazanylýan syýasy üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň bu günki gün diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem beýik ýaşaýyş-durmuşyň gazanylmagynyň nusgasyny görkezýändigi uly buýsanç bilen nygtaldy.

Gün tertibiniň meselesi boýunça sowal-jogap alyşmalar has-da täsirli boldy. Çünki halkyň syýasy sowatlylygynyň artmagy, günübirin durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň ähmiýetiniň giňden ýaýylmagy jemgyýetdäki durnukly ýagdaýy pugtalandyrýar hem-de halk bilen döwletiň bitewüligini berkidýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ökdeler öňe saýlandy
28.01.2025   362
Jemgyýet Bagtyýarlygyň nusgalyk ýoly
05.12.2025   200
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   173
Jemgyýet Baky bagtyň şuglasy
22.09.2025   201
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   425
image