Berkararlyk — döwletlilik mukamy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Berkararlyk — döwletlilik mukamy

Jemgyýet
26.09.2026  50

Ata Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň arşa galýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bimöçber işler türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkidýär. Halkymyz barha golaýlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly joşgun, mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň taryhynyň soňky 35 ýylynyň içinde beýik işler durmuşa geçirildi, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda belent sepgitler gazanyldy, milli ykdysadyýetiň täze ugurlary kemala geldi. Öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, güneşli Diýarymyz okgunly ösýän ýurt hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň çykarýan önümleri bolsa «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşany bilen dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Milli ykdysadyýetimiz ösýär, telekeçiler nesli kemala gelýär.

Bu günki gün ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän sepgitleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginden habar berýär. Bu işler ähli halklaryň bähbidine gönükdirilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyndan gözbaş alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän şanly wakalar durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrüldi.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar, möhüm ähmiýetli desgalar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň hususyýetçilige, telekeçilige giň ýol açmagy netijesinde welaýatymyzda gök, bakja, miwe, et-süýt önümleriniň öndürilişi has-da artýar. Olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we beýleki harytlary öndürilip, ak bazarlarymyzyň bolçulygy üpjün edilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda halkymyz asuda, parahat we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul eden Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde tutanýerli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatyndan ugur alnyp, adam hakdaky alada ýugrulan tutumly işleri rowaçlyga beslenýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   505
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   339
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   657
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
15.09.2025   231
Jemgyýet Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda
12.08.2024   510
Jemgyýet Müdimi senadyr ene hüwdüsi
28.08.2026   92
image