Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý toýy Daşoguz welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda geçirildi. Milli hem müdimi gymmatlyklarymyzyň röwüşinde bezeg aýratynlygyna eýe bolan meýdançanyň ajaýyp keşbi tüýs toýhanany ýatlatdy. Ak öýleriň uzyn hatarlary we sekileriň gözel görnüşleri dabaraly pursatlaryň görküni mazmun bilen baýlaşdyrdy. Milli mirasymyza degişli gymmatlyklaryň sergisi synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk sahnasynda giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň toý sowgady bolup diňleýjilere uly ruhubelentlik eçildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlarynyň, taryhy özgertmelerden ösüşlere beslenýän döwrümiziň, mukaddes Garaşsyzlygymyzdan galkynan bagtyýar durmuşymyzyň waspyny ýetiren belent owazlar ildeşlerimiziň köňül guşuny ganatlandyrdy. Özboluşly sazlaşyk ýokary ruhubelentligi döredip, welaýatymyzyň merdana halkynyň döwrüň ýaňyna ses goşup ýaşaýandyklarynyň, döredýändikleriniň, gurýandyklarynyň hakyky subutnamasyna öwrüldi.