Daşoguz welaýatynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenip geçildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalary döwletimiziň berkararlyk binýadynyň pugtalanmagyny üpjün edip, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary ruhubelentlik derejesinde garşylamaga uly mümkinçilik berýär. Altyn güýzüň ajaýyp pursatlarynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senelerine täze zähmet üstünlikleri bilen barýan halkymyzyň bu babatdaky asylly maksatly tutumlary şöhratly ýylymyzda hem amal bolup, ýubileý toýy dabaraly belläp geçmäge uly ruhubelentlik döretdi. Baş baýramyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen nobatdaky mejlisiniň çözgütlerinden ruhlanan mähriban halkymyzyň kalbynda şu günümize we bagtyýar geljegimize bolan hoşallyk duýgulary has-da artdy. Bu bolsa baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.
Şanly toýuň dabaralary ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Toý gününiň ir säheri welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen Baş baýdak meýdançasy uly toýhanany ýatladýan görnüşlere beslendi. Baýdak sütüniniň döwresinde emele gelen baýramçylyk görnüşleri bu ýere ýygnananlaryň ýürek hoşallyklary bilen utgaşyp, özboluşly aýratynlyklara beslendi. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda welaýat, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar bar.
Hormatly Prezidentimiziň baş baýramymyzy üç günläp belläp geçmek baradaky sahawatly çözgüdinden kalplary nurlanan ildeşlerimiz dabara meýdançasyna ir säher bilen ýygnandylar. Ýüzlerinde Watanymyza, döwrümize, bagtyýar durmuşa hoşallyk duýgulary mese-mälim duýulyp, baýramçylyk şatlygyna beslenen adamlar bir-birege iň ýagşy arzuw-dileglerini aýtdylar.
Dabaraly pursadyň gelip ýetmegi bilen, Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Hemmeler ellerini döşüne goýup, oňa ruhubelentlik bilen ses goşdular.
Soňra dabara başlandy. Dabarada çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý toýy mynasybetli ýürek arzuwlaryny aýtdylar. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda döwlet berkararlygyny pugtalandyrýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilendigi, belent sepgitlere ýetilendigi, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokarlanandygy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanandygy, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň tutuş dünýäde artýandygy, ata Watanymyzyň halkara giňişliginde ornunyň çuňlaşýandygy dogrusynda uly buýsanç bilen bellenip geçildi.