Berkarar döwleti islän şahyr
weather dashoguz 14° C Daşoguz

Berkarar döwleti islän şahyr

Medeniýet
29.07.2024  22

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr. Türkmen halky beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny hemişe öz kalplaryna nagyş edip gelipdirler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde gozgalýan durmuş meseleleri köptaraplydyr. Şahyryň şygyrlarynda ýurdumyzyň dagy-düzi, deňiz-derýasy, çöli wasp edilýär. Ol türkmeniň berkarar döwletini arzuwlady hem-de bu arzuwyň hasyl boljakdygyna berk ynandy.

 

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsun,
Çille mest nerlermiz
barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

 

Halkyň agzybirligi ýurt binasynyň mäkäm sütünidir, ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Şahyr halky agzybir ýaşaýşa, bitewülige çagyrypdyr. Halkyň öz erkin durmuşyny gazanmak üçin göreşmegini isläpdir.

 

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili bir bolup,
Kylsa bir jaýa ýöriş açylar gül lälesi.

 

Şahyryň ýaşan döwründe halkyň bitewi bir döwleti bolmansoň, ýurdy basybalyjylardan gorap saklamak kyn bolupdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň çylşyrymly wakalary, halkyň ykbaly barada köp oýlanyp, olary akyl eleginden geçiripdir.

 

Kämillik kiştesin derýa batyrdym,
Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim
.

 

Görşümiz ýaly, «Beýik pikir» — il-ulus, bir döwletli bolmak pikiri şahyry hemişe oýlandyrypdyr. Ol halky agyr durmuşdan alyp çykmagyň ýollaryny agtarypdyr.

 

Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin —

 

diýen şahyryň arzuwy wysala gowşup amala aşdy.

1991-nji ýylyň güýzünde berkarar türkmen döwleti döredi. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda dana şahyra bolan hormat-sarpanyň egsilmezdiginden nyşandyr.

 

Gurdugum, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Eger ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

 

«Zeminiň myhyna» deňelen erkin türkmen döwletiniň bina boljakdygy bu setirlerde ynam bilen beýan edilýär.

Pyragynyň arzuwlan zamanasynda şahyryň adynyň arşa göterilendigine guwanýarys. Berkarar döwletli, dünýä halklarynyň öňünde deňli-derejeli bolan halkymyz ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşaýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Gültahýa
31.07.2024   18
Medeniýet Owazy äleme doldy dutaryň!
14.09.2023   21
Medeniýet Ýaş halyçylaryň bäsleşigi
04.05.2024   30
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   68
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   29
Medeniýet Çarwa ýörelgesi
25.03.2024   138
Medeniýet Ynsanperwerligiň beýik waspçysy
22.08.2024   17
Medeniýet Gül Diýaryň belent waspy
25.05.2024   32
image