Berk binýat
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Berk binýat

Jemgyýet
07.07.2025  216

Türkmenistan hukuk döwletidir. Ýurdumyzda milli kanunçylygy ösdürmäge we kämilleşdirmäge örän uly ähmiýet berilýär. Kanunlar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan guraldyr. Olar näçe kämil bolsa, jemgyýet hem şonça sagdyndyr. Kanunlary bilmek durmuşda ynamy artdyrýar. Bu aýratyn hem ýaşlar üçin möhümdir. Kanunlarda adam hukuklarynyň goragy esasy orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli kanunçylyk binýady döredildi. Kämil kanunlar ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Olar döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky hukuk gatnaşyklaryny sazlaýar we jemgyýetiň sagdynlygyna oňaýly täsir edýär. Kanunlar ýurduň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda işlenip düzülýär we kabul edilýär.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen kämil kanunçylyk namalaryny bilmek ýaşlar üçin zerur bilimleriň biridir. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar. Umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döwletimizde ykdysady, durmuş, kanunçylyk şertleri döredilendir.

Bilimiň jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegine esas bolup durýandygyny, onuň döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygyny belleýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda kabul edilen kämil kanunlar ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem özüniň oňyn netijelerini görkezýär. Bilim ulgamyna degişli kabul edilen kanunlarda ýaş nesle dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim bermek, olary ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, parahatçylygy, agzybirligi gorap saklamagy, ýurdumyzyň ösmegine goşant goşmagy maksat edinýän zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek göz öňünde tutulýar.

Kämil hukuk düşünjeli we hukuk medeniýetli şahsyýetleri kemala getirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Wezipeleri mynasyp berjaý etmek bolsa, her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   108
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   253
Jemgyýet Aýlaryň serweri
23.02.2026   57
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   19
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   209
Jemgyýet Bagtyýar durmuşa buýsançly ýaşlar
04.07.2025   296
image