Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda şu ýylyň gowaça ekişi möwsümine dabaraly badalga berilmeginden ruhlanan Akdepe etrabynyň pagtaçy daýhanlarydyr olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlar hem bu möhüm çärä agzybirlikli girişip, onuň ilkinji günlerinden iş öndürijiliklerini ýokary göterdiler. Şeýlelikde, olar şu döwürde 18 müň gektar meýdana tohum taşlap, göwnejaý gögeriş gazanmak maksadynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Munuň özi gündelik ekiş geçirilýän meýdanlaryň möçberiniň barha artmagyna şert döredýär.
Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem bu möhüm çäräniň guramaçylykly barýandygyny bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň başlygy Maksud Kasymowyň aýtmagyna görä, häzirki dowam edýän möwsümde hojalyk boýunça 1 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan güýz paslynda 1840 tonna oňat hilli pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilipdir.
Belli bolşy ýaly, şu möwsümde daýhan birleşiginde 311 sany kärendeçiniň meýdanynda gowaça ekişini berjaý etmek göz öňünde tutulypdyr. Olaryň ençemesiniň ýerlerinde bu iş eýýäm amala aşyrylypdyr. Şeýle öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda Geldimyrat Bekbaýewi, Amanbaý Nazarowy, Hemra Gylyjowy we beýlekileri görkezmek mümkin. Bu olaryň öz kärende meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak çärelerini öz wagtynda berjaý edip, kadaly taba gelmegini gazanmaklarynyň netijesidir.
Elbetde, daýhan birleşiginde gowaça ekişiniň öndürijilikli alnyp barylmagynda mehanizatorlaryň uly goşantlarynyň bardygy mälimdir. Bu barada aýdylanda, yzyna tohum taşlaýan gural tirkelen traktora erk edýän, bu işde 30 ýyldan köp tejribesi bolan Geldimyrat Nurmedowyň, şeýle hem öz kärlerine örän yhlasly çemeleşip, köpüň alkyşyna mynasyp bolýan Işanberdi Amanowyň, Begenç Berdigylyjowyň, Parahat Gylyjowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak örän ýerliklidir.
Görnüşi ýaly, etrabyň ähli pagtaçy daýhanlary bilen birlikde, bu birleşigiň kärendeçileridir mehanizatorlary-da häzirki wagtda sözüň hakyky manysynda gijäni gündize öwrüp, gowaça meýdanlarynda bol hasylyň esasy hasaplanylýan ekişi şeýle çalt depginlerde dowam etdirýärler. Bu hem olara şu derwaýys çäräni bellenilen möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa soňraky işleriň öňe gitmegine ýol açýar.