Bereketli hasylyň binýady
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Bereketli hasylyň binýady

Ykdysadyýet
15.10.2025  119

Bereketli galla hasylynyň binýady hasaplanýan bugdaý ekişini öz wagtynda, talabalaýyk geçirmek tejribeli daýhanlaryň häzirki günlerdäki esasy aladasy bolup durýar. Şoňa görä-de, olar özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda kuwwatly tehnikalaryň, zähmetsöýer mehanizatorlaryň kömegi bilen bu babatdaky çäreleri gije-gündiziň dowamynda öndürijilikli alyp barmaklyga çalşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň çäklerinde şeýle möhüm işleriň depgini hem muňa anyk şaýatlyk edýär.

Etrabyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary şu güýzki möwsümde 1100 gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyrmagy maksat edinip, bu çärä irki möhletlerde girişipdirler. Şeýlelikde, onuň ilkinji günlerinden derwaýys aladalar giň ýaýbaňlandyrylyp, öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredilipdir. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Amangeldi Saryýew şeýle gürrüň berýär:

— Biziň gallaçy daýhanlarymyz ene toprakdan bugdaý hasylyny öndürmekde ýylyň-ýylyna öňe saýlanmagy başarýarlar. Munuň özi olaryň bu ugurdaky çäreleriň her birine aýratyn üns bermekleriniň netijesi diýsek ýalňyş bolmaz. Häzirki wagtda birleşigimiziň kärendeçiler toparlarynda bugdaý ekişiniň barşyndan hem gallaçylarymyzyň yhlasynyň ýerine düşýändigine göz ýetirmek mümkin. Çünki olaryň zähmetsöýerliginiň netijesinde şu mahala çenli ýerlerimiziň esasy böleginde bu çäre ýokary hilli ýerine ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu möwsümde daýhan birleşigi boýunça 424 kärendeçi öz eýeçilik edýän meýdanyna bugdaý ekmek hakynda şertnama baglaşyp, munuň üçin zerur bolan taýýarlyk işlerini alyp barypdyr. Şunlukda, olaryň aglabasy kärende ýerlerinde sürüm, tekizleme, suw tutmak işlerini bellenilen möhletlerde berjaý edip, bugdaý ekişini bökdençsiz dowam etdirmäge şert döredipdirler. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy kärendeçilerden Wepa Hudaýnazarow, Jeýhun Saryýew, Haknazar Annaýew dagynyň we beýlekileriň ekin meýdanlarynda hatasyz gögeren bugdaýlar töwerege görk berip otyr. Ýeri gelende aýtsak, şu ady agzalan kärendeçiler geçen orak möwsüminde hem özlerine berkidilen meýdanlaryň her gektaryndan saldamly hasyl ýygnap, Watan harmanyna goşupdyrlar.

Häzirki wagtda bugdaý ekişi daýhan birleşiginiň Allaberdi Rejepow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji kärendeçiler toparynyň çäginde alnyp barylýar. Toparyň uly obanyň günorta-günbatar tarapynda uzaklara ýaýylyp gidýän meýdanlarynyň köp böleginde bugdaýlaryň örän oňat gögeriş berendigi görünýär. Şu pursatda ekiş toparyň ezber agzalaryndan Jemile Gylyçtaganowanyň 2,5, Ýusup Orazkulyýewiň 1,5 gektardan ybarat kärende meýdanlarynda dowam edýär. Nesip bolsa, biz ýakyn günlerde toparymyz bolup bugdaý ekişini tamamlarys. Bu netijäniň kärendeçi daýhanlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň ýadawsyz zähmetleri bilen gazanylandygyny belläsim gelýär. Ekişiň şeýle öndürijilikli amala aşyrylmagynda olaryň uly paýlary bar.

Hakykatdan hem bu ýerde ekiş geçirýän kuwwatly traktorlaryň sazlaşykly hereketleri olara erk edýän mehanizatorlaryň başarjaňlygyndan habar berýärdi. Şonda olaryň arasynda Gulmuhammet Kakyşowyň, Sapargeldi Bazarowyň, Arazgeldi Durdyýewiň has-da işjeňlik görkezýändiklerini aýtdylar. Elbetde, welaýatyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, bu daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlarynyň, mehanizatorlarynyň hem esasy maksatlary bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamakdan ybarat. Çünki öz wagtynda ekiş geçirilen meýdanlaryň geljek ýylda bugdaý harmanlarynyň beýgelmegine uly ýardam berjekdigine olaryň her biri örän gowy düşünýär hem-de oňa pugta ynanýar. Bu bolsa möwsümleýin işleri talabalaýyk guramakda, öňegidişlikleriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

 

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   163
Ykdysadyýet Pudak ösüş ýolunda
19.02.2026   64
Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   119
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   167
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   180
Ykdysadyýet Baglar — sahawat çeşmesi
20.03.2026   36
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   319
image