Bereketli hasyl ugrunda
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Bereketli hasyl ugrunda

Ykdysadyýet
04.05.2026  112

Daşoguz welaýatynyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Garaşsyzlyk etrabynda-da «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bereketli galla hasylyny ýetişdirmeklige gönükdirilen çäreler guramaçylykly barýar. Şonuň netijesinde idegi ýetirilýän bugdaýlar günsaýyn ösüp, giň atyz-meýdanlara bezeg berýär. Bu ugurdaky işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilýändigine etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndaky görnüşlerden hem göz ýetirmek mümkin. Çünki boýy ýetip barýan bitgin bugdaý düýpleri golaýdan geçen her bir adamyň ünsüni çekip, göwnüni galkyndyrýar.

Daýhan birleşigi boýunça geçen ýylyň güýzünde 1 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş gazanylypdyr. Şondan bäri olara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler oňat netije beripdir. Özlerine berkidilen meýdanlarda ýadawsyz zähmet çekýän kärendeçi daýhanlaryň şu günlerdäki iş depginleri bolsa has-da guwandyryjydyr.

 Birleşikde 800-den gowrak gallaçy kärendeçi iş alyp barýar. Olaryň köp sanlysy bu babatda tejribeli, öz käriniň ýol-ýodalaryny birkemsiz ele alan adamlardyr. Şonuň üçin hem bugdaýlara ideg etmekde hiç bir kemçilige ýol berilmeýär. Olary iýmitlendirmekde, suwarmakda, haşal otlardan, zyýankeşlerden goramakda bellenilen çäreler öz wagtynda ýerine ýetirilýär.

Daýhan birleşiginiň 12 sany kärendeçiler toparlarynda bugdaý hasylyny ýetişdirmek işleri ýola goýlupdyr. Adylbek Saburowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň agzalarynyň olaryň arasynda bu babatda has öňe saýlanýandyklary bellenilmäge mynasypdyr.

Belli bolşy ýaly, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde beýleki çäreler bilen bir hatarda, onuň zyýankeşlerden ygtybarly goralmagynyň hem möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, daýhan birleşiginde bu ugurda hereket edýän biolaboratoriýanyň müdiri Şajali Egembergenowyň aýtmagyna görä, häzire çenli birleşigiň bugdaý meýdanlarynyň 851 gektaryna altyngözlüje goýberilip, häzirki günlerde-de bu çäre dowam etdirilýär.

Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlarynyň, olara ýardam berýän adamlaryň agzybirlikli tagallalary bu ýerde bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdiriljekdigine güwä geçýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet «Gyş suwy — gyzyl...»
04.02.2025   302
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   348
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   336
Ykdysadyýet Türkmen halysynyň milli baýramyna
24.05.2025   270
Ykdysadyýet Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy
04.03.2026   127
Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   146
image