Bereketli hasyl ugrunda
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Bereketli hasyl ugrunda

Ykdysadyýet
29.01.2025  146

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy kärendeçileri her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat netije gazanýarlar. Etrabyň oba hojalyk işgärleriniň, kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyl hem gadamlary batly. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrap boýunça 30600 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Sürüm, tekizleme, çil çekmek, dürli dökünler bilen ýerleri gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak ýaly möhüm agrotehniki işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň ekiş möwsüminde malalaryň 265, boronalaryň 2322, ekijileriň 89 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, tejribeli ussalary abatlaýyş işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Bu işde kärhananyň göreldeli ussalaryndan Kerimulla Sarykulow, Gumman Hudaýberdiýew, Ýagşymyrat Magtymow dagynyň atlaryny agzamak bolar. Etrapda oba hojalyk işleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagy şu ýylda pagtaçy kärendeçileriň uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdyklaryndan habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Töleg hyzmatlarynyň gerimi artýar
16.03.2024   263
Ykdysadyýet Täze tehnikalar gelip gowuşdy
09.08.2024   220
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
14.11.2025   27
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
21.07.2025   199
Ykdysadyýet Gowaça ekişine taýýarlyk
01.03.2025   167
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   208
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
15.10.2025   39
image