Bereketli hasyl — belent sepgit
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Bereketli hasyl — belent sepgit

Ykdysadyýet
07.07.2026  40

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalardan ruhlanan, bu babatda öňde goýulýan wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy, özleri üçin döredilýän oňaýly şertlere mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň başarjaň gallaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watan harmanyna bugdaý goşmak barada bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, uly abraýa eýe boldular. Olar şonda 145 müň gektar meýdandan 300 müň tonna golaý ýokary hilli däne ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Gazanylan bu uly zähmet üstünligine welaýatymyzyň Görogly, Şabat, Gubadag, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç we beýleki etraplarynyň gallaçylary saldamly goşant goşdular. Şonuň ýaly-da daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň zähmetsöýer kärendeçileriň köp sanlysy öz ýyllyk meýilnamalaryny irki möhletlerde ýerine ýetirip, köplere görelde boldular.

Şanly ýylda welaýatyň gallaçylarynyň gazanan zähmet ýeňşiniň aňyrsynda olaryň ene toprakdan bereketli bugdaý hasylyny öndürmekde zerur bolan ähli serişdeler bilen öz wagtynda hem-de ýeterlik üpjün edilmegi babatda döwlet tarapyndan edilýän giň gerimli goldawlaryň durandygyny nygtamak gerek. Çünki geçen ýylyň güýzünde bugdaý ekişiniň talabalaýyk amala aşyrylmagynda, soňra ekinlere göwnejaý ideg edilmeginde olaryň ähmiýeti örän uly boldy.

Ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakda kuwwatly kombaýnlaryň gallaçylaryň esasy daýanjyna öwrülendigini bellemek zerurdyr. Daşary ýurtlardan satyn alnyp, şu ýylyň bugdaý oragy möwsüminiň öň ýanynda gelip gowşan ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň güýjünden hem giňden peýdalanyldy. Bu hem hasylyň ýygnalmagynda şeýle öňegidişligiň gazanylmagyna uly ýardam berdi.

Galla oragy döwründe ýygnalan hasyly daşamakda ulag sürüjileriniň, ony bökdençsiz harmana goşmakda däne kabul ediş bölümleriniň işçi-hünärmenleriniň ýüzlerçesiniň gaýratly zähmet çekendikleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar gije-gündiz iş üstünde bolup, ýadawsyzlygyň, janypkeşligiň hakyky nusgasyny görkezdiler.

Şu möwsümde gallaçy daýhanlary, kombaýnçylary, ulag sürüjilerini yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrmak, olaryň talabalaýyk dynç almaklaryny guramak boýunça welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet edaralarynyň işgärleriniň degerli çäreleri amala aşyryp, bu üstünlige uly goşant goşandyklaryny bellemek hem ýerliklidir. Olaryň günorta arakesme wagtynda guran aýdym-sazly, dabaraly çäreleri bugdaý oragyna gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň bu gazanan zähmet ýeňşi olaryň şu taryhy ýylda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady boldy. Welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň gazanan uly zähmet üstünligi hem-de Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda toý sadakasy berildi.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Türkmen halysynyň milli baýramyna
24.05.2025   252
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki aladalar
23.08.2025   236
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   88
Ykdysadyýet Ekişiň depgini güýçlenýär
29.03.2025   282
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
14.11.2025   246
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
13.02.2025   273
image