Daşoguz welaýatynyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler we şu günler onuň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýyl welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary, degişlilikde, 4 müň 450 we 3 müň 150 gektar ýerde, etrabyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti 500 gektar ýerde şaly ekişini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Her bir ekiniň ýokary hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamak işleri irgözinden maksadalaýyk alnyp baryldy. Şu ýyl tohumlyk üçin kärhanada şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» ýaly görnüşleriniň tohumy taýýarlanyldy.
«27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri şalynyň bol hasylyny ýetişdirmek babatda ýylyň-ýylyna görelde bolýarlar. Olar şu ýyl hem şalynyň 13 müň 610 tonnasyny Watan harmanyna goşant etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.