Bereket önýän meýdanlar
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bereket önýän meýdanlar

Ykdysadyýet
27.06.2024  364

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, şu ýyl Daşoguz welaýatynyň  Akdepe etrabynyň gallaçy daýhanlary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekdiler. Şonda olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 35 müň gektar meýdandan 63200 tonna ýokary hilli däne öndürmegi öňlerinde maksat edinip goýmak bilen, bu gadymy ekiniň idegini ýetirmäge çalyşdylar. Etrabyň gallaçylarynyň şeýle agzybirlikli aladalarynyň oňat netijeleri berendigini häzirki wagtda olaryň ýerlerinde dowam etdirilýän hasyl ýygymynda gazanylýan öňegidişlikler aýdyň tassyklaýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylda bereketli bugdaý hasylyny kemala getirip, şu günlerde ony ýitgisiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça derwaýys işleri amala aşyrýan Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň öndürijilikli zähmetleri-de muňa anyk mysaldyr. Çünki olar bugdaý oragynyň depginini onuň başyndan ýokary götermek bilen, şu wagta çenli özlerine degişli ekin meýdanlarynyň köp böleginde bu işi talabalaýyk geçirmegiň hötdesinden geldiler.

Daýhan birleşiginde 100-den gowrak kärendeçi gallaçylyk bilen meşgullanyp, olaryň garamagyndaky 520 gektar meýdanda ähli zerur çäreler bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa şol ýerlerde kadaly gögeriş alynmagyna, ekinleriň birkemsiz ösmegine, hasyl toplamagyna şert döredipdir. Şol möhüm işleri berjaý etmekde gallaçy daýhanlaryň onlarçasynyň has-da tapawutlanandyklaryny bellemek bolar.

Şeýle başarjaň kärendeçileriň hatarynda Altybeg Nuryýewiň, Suhan Allabergenowyň, Dädebaý Durdyýewiň, Amanbaý Nazarowyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerliklidir. Sebäbi olar öz meýdanlarynda öňdäkileriň hatarynda orak geçirip, bugdaý öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen amal edipdirler. Şonda olaryň arasynda her gektaryň hasyllylygyny 50 — 60 sentnere ýetiren gallaçylaryň hem bardygy bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, bu ýerde bugdaý oragyny geçirýän kombaýnlara Mämedin Kazakow, Hojamyrat Babaýew, Maksat Begmedow, Tirkeş Arazow dagy erk edýärler. Olaryň öz işlerinde ýeterlik tejribeleriniň bardygyny kombaýnlaryň hereketlerinden hem bilmek bolýar. Şonuň ýaly-da, ýygnalan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşamakda Durdymyrat Soltanow, Döwlet Işankulyýew ýaly ulag sürüjileriň aýratyn işjeňlik görkezýändiklerini bellemek gerek. Sebäbi bu hasylyň bökdençsiz hem-de ýitgisiz harmana goşulmagyny üpjün edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   113
Ykdysadyýet Önüm bolçulygy ugrunda
10.10.2025   197
Ykdysadyýet Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy
04.03.2026   154
Ykdysadyýet Pileçileriň yhlasly işleri
07.05.2024   351
Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   382
Ykdysadyýet Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy
28.07.2026   87
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlanylýar
21.08.2024   348
image