Bereket-bolçulygyň buşlukçysy altyn däneler
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Bereket-bolçulygyň buşlukçysy altyn däneler

Ykdysadyýet
10.06.2026  82

Türkmenistanyň Prezidenti 22-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz ýurdumyzda şu ýyl bugdaýyň saldamly hasylynyň kemala getirilendigini aýdyp, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almaklyga biziň welaýatymyzda 10-njy iýunda girişmeklige ak pata berdi. Şondan ugur alnyp, bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görüldi.

Diňe bir gallaçylaryň däl, eýsem, Daşoguz welaýatynyň durmuşyndaky uly waka mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda maslahat guralyp, oňa döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ýaşuly hem-de ýaş nesliň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda zähmetsöýer gallaçylaryň bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini bellediler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, şu möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek wezipesi öňde goýlup, onuň bellenilen möhletlerde doly ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Şonda welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň hasabyndaky kombaýnlar, ýangyç guýujy ulaglar we beýleki tehnikalar bir hatar gözden geçirilip, möwsüme doly taýýar edildi. Şeýlelikde, şu möwsümde kombaýnlaryň 339-synyň, ýangyç guýujy ulaglaryň 86 sanysynyň güýjünden peýdalanylar. Ýeri gelende bellesek, şol kombaýnlaryň 20-si, ulaglaryň 10-sy şu möwsümiň öňüsyrasynda bu birleşige gelip gowşan tehnikalardyr. Mundan başga-da, iş üstünde tehniki hyzmat etmek, ýygnalan hasyly harmana daşamak üçin ýörite ulaglar hem taýýarlanyldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň, il sylagly ýaşulularyň bir topary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, galla önümleri kärhanasynda, Türkmen oba hojalyk institutynda şu waka bilen baglanyşykly guralan çärelere gatnaşyp, halkymyzyň taryhyna degişli tapyndylara syn etdiler, galla önümleriniň öndürilişi, talyplaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilen şertler bilen tanyş boldular.

Bugdaý oragy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli welaýat derejesindäki toý çäresi Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda geçirildi. Şol pursatda birleşigiň ezber kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Gurbangeldi Jepbarowyň garamagyndaky 14 gektardan ybarat bu meýdan ajaýyp baýramçylyk görnüşleri bilen bezelip, onuň çäklerinde ýakymly wakalar, şirin aýdym-sazlar, çalasyn tanslar ir ertirden uly joşgun aldy. Meýdanyň bir çetinde gurlan belent sahna, ak öýler, olaryň öňünde giň ýaýbaňlandyrylan milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň gadymy oba hojalyk gurallarynyň, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň  sergileri, daşary ýurtlardan satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň, galla daşamaga niýetlenilen ulaglaryň, beýleki derwaýys tehnikalaryň uzyn hatary toý dabarasyna özboluşly öwüşgin berip, her bir adamda guwanç-buýsanç duýgusyny döretdi, welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň çykyşlary hemmelere çäksiz şatlyk paýlady.

Garaşylan pursadyň gelmegi bilen, il sylagly ýaşulular ellerine orak alyp, ilkinji bitgin, sary başlaryny egip oturan bugdaý düýplerini «Bismilla» bilen ormaga başladylar. Şondan soňra täze hem-de kuwwatly kombaýnlaryň onlarçasy herekete girizilýär. Olar giň atyzyň çetinden girip, boldumly bugdaý düýplerini orup, täsin hatar bilen öňe öňe hereket edýärler. Biraz wagtdan üstüne ak bugdaý däneleri mas ýüklenilen ulaglar «Göroglygallaönümleri» kärhanasynyň öňündäki meýdança geldiler. Olar bu ýerde uly dabara bilen garşy alyndy. Şunlukda, ak bugdaýyň altyn däneleri Watan harmanyna goşulyp ugrady. Şol gün welaýatda galla oragyna girişilmegi mynasybetli sadaka berildi.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
15.01.2025   268
Ykdysadyýet Şalynyň bereketli hasyly
17.10.2024   293
Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
04.04.2026   77
Ykdysadyýet Guramaçylykly alnyp barylýar
20.06.2026   59
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   299
Ykdysadyýet Abatlaýjylaryň yhlasly zähmeti
20.01.2026   108
Ykdysadyýet Isleg bildirilýän önümler
06.02.2026   137
image