Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güýzki bugdaý ekiş möwsümine dabaraly ýagdaýda girişmek hem-de ony guramaçylykly dowam etdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp,welaýatlarda bu möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görüldi.
Daşoguz welaýatynda bugdaý ekişine badalga berilmegine bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şu waka mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan maslahata welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleriniň hünärmenleri, gallaçy daýhanlary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Maslahatda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda bellenilişi ýaly, öňde duran möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektara bugdaý ekmek meýilleşdirilip, bu wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ähli zerur çäreler görüldi. Şeýlelikde, ekişde peýdalanyljak tehnikalar, olaryň gurallary bir hatar gözden geçirilip, doly abatlanyldy, tohum, dökün serişdeleri ýeterlik möçberlerde taýýar edildi. Şonuň ýaly-da tehnikalara, mehanizatorlara iş üstünde hyzmat etmek boýunça derwaýys çäreler bellenildi. Munuň özi bugdaý ekişiniň bökdençsiz hem-de talabalaýyk dowam etdirilmegine mümkinçilik berer.
Bugdaý ekişi möwsümine badalga berilmegi mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmen oba hojalyk institutynda, galla önümleri, tohum taýýarlaýyş kärhanalarynda geçirilen çäreler hem olara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Olar halkymyzyň gymmatly mirasyny synlap, hünär öwrenmek üçin döredilen şertler, önümçilik işleriniň barşy bilen tanyş boldular.
Dabaralara gatnaşyjylar soňra welaýatyň bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli toý çäresiniň guralýan ýeri bolan Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Birkemsiz sürlüp, tekizlenilip, ekişe doly taýýar edilen giň meýdanyň töweregi baýramçylyk ruhunda bezelipdir. Owadan, belent sahna, bezemen ak öýleriň, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly traktorlarynyň, olaryň iş gurallarynyň görnükli hatarlary, şonuň ýaly-da milli gymmatlyklarymyzyň, oba hojalygynda ulanylýan serişdeleriň, bu pudakda öndürilen önümleriň sergileri ünsi çekip, ýakymly duýgulary döretdi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, tans toparlarynyň ata Watanymyzy, halkymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän şirin aýdym-sazlary, joşgunly tanslary hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy.
Garaşylan pursadyň gelip ýetmegi bilen, gallaçy daýhanlarymyzyň bugdaý ekişinde işleriniň öňe ilerlemegini, halal zähmetleriniň ýerine düşmegini dileg edip, il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen ilkinji bugdaý tohumlaryny meýdana sepdiler. Soňra atyzyň bir çetinde taýýar bolup duran, yzyna ekiji gurallar tirkelen kuwwatly traktorlar hatar gurap, öňe tarap sazlaşykly hereket edip başladylar.
Şeýlelikde, welaýatda şanly ýylyň güýzki bugdaý ekişi möwsümine uly ruhubelentlik, belent maksatlar bilen badalga berildi. Bugdaý ekişine guramaçylykly girişilmegi mynasybetli welaýat merkezindäki «Şalykär» metjidinde toý sadakasy berildi.