Belent üstünlikleriň güwäsi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Belent üstünlikleriň güwäsi

Jemgyýet
13.02.2026  75

Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň, ösüşiniň bedew badyna deňelýändigini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormatyň näderejede belentdigini ykrar edýär. Gündogar senenamasynda belgilenen ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, belent maksada ýetmek üçin tutanýerli we okgunly erki aňladýar.

Türkmen bedewleri halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren we kämilleşdiren sungatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek, ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Seýisçilik sungatynda ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek, olaryň saýlama tohumlarynyň sanyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.

Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde janköýerleri ýetik milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary has-da belende göterýär. Topar geçen ýyl Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy. Watanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary we ýokary hünär ussatlygy üçin toparyň agzalary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa bedew batly ýylymyzyň turuwbaşdan belent üstünliklere beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi, türkmen atçylyk sungatyny has-da dabaralandyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Röwşen geljege aýdyň ýol
19.08.2024   354
Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   65
Jemgyýet Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
13.12.2024   318
Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   190
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
08.10.2024   367
Jemgyýet Il-halkyň myrady
28.04.2026   35
image