Belent sepgitler — üstünliklere badalga
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Belent sepgitler — üstünliklere badalga

Jemgyýet
16.01.2025  344

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginde beýik ösüşleri, şanly wakalary özünde jemlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher guramasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerini, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guramanyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa mährem eneler, şäher zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, bank ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler hasabat döwründe döwrüň ösüş-özgertmelerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan beýik işleri, durmuşymyzy gurşap alýan taryhy wakalaryň ähmiýetini wagyz etmek, ahlak arassalygyny, maşgala gymmatlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýaşlaryň kämil ruhda terbiýelenmegini ündeýän wagyz-nesihat işleriniň ýokary netije berýändigini bellediler. Soňra Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp baryljak işleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   425
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
27.08.2026   84
Jemgyýet Döwürleriň hem köňülleriň çyragy
23.05.2024   436
Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   167
Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   205
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
15.12.2025   201
image