Belent sarpanyň dabaralanmasy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Belent sarpanyň dabaralanmasy

Jemgyýet
27.02.2026  117

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa häkimligiň, Daşary işler ministrliginiň welaýatdaky wekilhanasynyň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň Garaşsyzlyk döwründe täze derejä göterilendigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň üstünliklerinde türkmen diplomatlarynyň goşandynyň uludygy dogrusynda bellediler. Şeýle hem halkara gatnaşyklary alyp barmakda, döwletleriň arasynda hoşniýetli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda diplomatiýanyň esasy gurallary dogrusynda täsirli söhbet edildi. Türkmen diplomatiýasynyň dabaralandyrylmagy babatda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň edebi-sazly çykyşy hem-de welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-sazlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
05.04.2024   537
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   167
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   504
Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   229
Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   483
Jemgyýet Tomus — 2026
13.07.2026   68
image