Belent mertebedir, Watan goragy
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Belent mertebedir, Watan goragy

Jemgyýet
28.01.2026  157

Golaýda şeýle at bilen, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Daşoguz welaýat hem-de Daşoguz şäher geňeşleriniň, TDP-niň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher komitetleriniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Alp Arslan adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň guramagynda geçirilen duşuşyga mekdebiň harby okuwçylary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Watany goramagyň beýik nusgasyny miras galdyran merdana pederlerimiziň edermenliginiň bu günki ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigini, halkymyzyň özygtyýarlylygymyzy, çäk bitewüligimizi we konstitusion gurluşymyzy goraýan harby gullukçylaryna guwanýandygyny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watan goragçylarynyň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygy, olaryň harby tehnikalara we söweşjeň ýaraglara kämil erk etmek bilen, ýurdumyzyň çäklerini hüşgärlik bilen goraýandygy  barada täsirli gürrüň etdiler.

Duşuşygyň dowamynda harby mekdebiň okuwçylary milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrýan muzeý gymmatlyklaryna syn etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   466
Jemgyýet Ismiň düşmüş ilden-ile
10.07.2024   420
Jemgyýet Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy
16.06.2025   290
Jemgyýet Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
21.06.2024   547
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   484
image