Her bir gününi şanly wakalara, taryhy ähmiýetli pursatlara besläp, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyz ýene-de bir şanly ýyly garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere beslendi.
Gündogar müçenamasyna laýyklykda, 2026-njy ýyl - bedew ýyly. Bu bolsa geljek ýylyň bedew batly ösüşler bilen şöhratlanyp, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrjak ýyllaryň biri bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda: «Bedew atyň badynda, ýol uzasyn dowama!» diýip belleýşi ýaly, halkymyzda bedew at döwletlilikden nyşan. Çünki halk pähiminde at ýigidiň maksat-myradyna deňelýär.
Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylda Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bular barada giňişleýin durlup geçildi. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen şöhratlanjak 2026-njy ýyl halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Täze taryhy döwrüň her bir güni bagtyýar watandaşlarymyz üçin ajaýyp pursatlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterildi. Bu şanly ýyl Daşoguz welaýatynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Goýny üç ýüz altmyş pirli Köneürgenç topragynda döwrebap köpriniň we Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatynda durmuşa geçirilen beýik işleriň aýdyň nyşanydyr. Döwrebap şäherçede 400 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, toý mekany, durmuş düzümine degişli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly ýylyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir.
Baky bagtyýar durmuşymyza şan berip, bosagadan ätlän 2026-njy ýyl hem ýurdumyz üçin ösüşleriň bedew badynda düşümli, şan-şöhratly ýyllaryň biri bolsun!