Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gallanyň, «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmekde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary ýokary netijeleri gazanýarlar. Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyny döretmekde nusgalyk işleri bitirýän önüm öndürijileriň hatary-da barha artýar.
Etrabyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginde hereket edýän «Arzyly mekan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Daýanç Saparow hem ussat daýhanlaryň biri. 2013-nji ýylda esaslandyrylan bu hojalyk jemi 59 gektarda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, her ýylda şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelýär. Bu ýyl hojalyk boýunça 2 gektar ýerde gök-bakja ekinleri, şol sanda pomidordyr garpyz hem ýetişdirilýär.
Bu işde maşgalasy Akjagül Saryýewa, ussat daýhan Serdar Müjegow ýakyndan ýardam berýärler. Daýhan hojalygynda 35 gektarda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, orak möwsümine-de guramaçylykly girişildi. 20 gektar ýerde gowaçanyň kadaly gögerişi gazanyldy. Hojalygyň agzalary her bir agrotehniki çäräni öz wagtynda geçirip, gowaçalaryň kadaly boý almagy ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Hojalygyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýekeleme, birinji otrag işleri geçirilip, häzirki günlerde gowaçalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bu işde hojalygyň «MTZ-80» kysymly traktorynyň güýjünden peýdalanylýar.