Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda körpeje gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaralary bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Şu mynasybetli Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde dabara geçirildi. Bu ýerde bilim alýan gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Pul sowgatlaryny alan gyzlar ony maňlaýlaryna sylyp, uly buýsanç bilen kabul etdiler. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler gyz-gelinleriň mertebesini beýgeldip, olaryň durmuşdaky ornuna mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda, guramalarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Pul sowgatlaryny alan gyz-gelinler ony maňlaýlaryna sylyp, ýagşy arzuw-dileglerini beýan etdiler. Dabaralarda türkmen zenanlaryny mertebeläp, bagtyýar döwürde ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyşly sözler aýdyldy.