Belent hormatyň dabaralanmagy
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Belent hormatyň dabaralanmagy

Jemgyýet
04.03.2025  260

Halkara zenanlar güni mynasybetli, «Parahat we abadan Diýaryň bagtyýar eneleri» atly şygar bilen Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada guralan çykyşlarda zenanlaryň döwlet durmuşyndaky orny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenan mertebesini beýgeltmek bilen bagly durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda uly buýsanç bilen aýdyldy.

Soňra baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan mährem enelere welaýat häkimliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen edebi-sazly çykyşlarda, belentden ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlarda mähriban eneleriň, baýdak boýly gyz-gelinleriň, olar hakda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýagty geljegiň binýady
03.04.2025   282
Jemgyýet Miras
25.02.2025   290
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   314
Jemgyýet Mährem ýürekleriň buýsanjy
06.03.2025   265
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   155
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   103
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   117
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   391
image