Belent hormatyň buýsanjy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Belent hormatyň buýsanjy

Jemgyýet
02.11.2024  388

Dostlukly gatnaşyklaryň mizemez nyşany

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine amala aşyran iş saparyny we saparyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Duslyk» ordeniniň gowşurylmagy bilen baglylykda bolup geçen taryhy wakalary giňden wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat, şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran resmi iş saparynyň ýokary derejedäki işjeň hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädime öwrülendigi, döwlet Baştutanymyzyň Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRIСS sammitine gatnaşandygy we ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň halkara derejesinde ähli ugurlar babatda möhüm hasaplanylýan meseleleri parahatçylykly çözmekde esasy gural bolup çykyş edýändigi barada çuň mazmunly çykyşynda belläp geçendigi, sammitiň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alşylandygy, munuň bolsa ýurtlaryň arasynda ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde möhüm ähmiýetli çärä öwrülendigi barada giňişleýin durlup geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   351
Jemgyýet Dialog — parahatçylygyň kepili
24.10.2025   211
Jemgyýet Çäreler täsirli geçdi
06.05.2026   124
Jemgyýet Adam hakdaky alada
30.07.2025   201
Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   290
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   213
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   453
image