Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji güni ir säher bilen Daşoguz welaýat merkezindäki Baýdak meýdançasynda welaýat häkimliginiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, şeýle hem köp sanly bagtyýar raýatlarymyzyň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi. Döwlet senasynyň belent owazynyň astynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl tugy belende galdyryldy. Parahatçylygyň, abadançylygyň we baky bagtyýarlygyň Watany bolan berkarar döwletimizde täze ýylda gazanyljak täze rowaçlyklary, belent üstünlikleri dabaralandyryp, belentde parlap duran ýaşyl tugumyz dabara gatnaşyjylara buýsançly duýgulary bagyşlady.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýjak, ýurdumyzda alnyp barylýan dünýäde parahatçylygy we abadançylygy berkarar etmek babatdaky döwlet syýasaty has-da dabaralandyrjak, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek şanly ýyllaryň biri boljakdygyny uly buýsanç bilen nygtap geçdiler. Dabarada çykyş edenler täze ýylda her bir türkmen ojagyna sag-salamatlylygyň, uly üstünlikleriň, döwletli döwranyň, bagtyýar durmuşyň ýaran bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, edebi-sazly kompozisiýalary, joşgunly tanslary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.